Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur. Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar. Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar. Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy. Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler. Sizi bulaşdyrýan adamlar, goý, öz-özlerini düýbünden agta edäýsin!
Выбор основного перевода