Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Zebulunlardan taplanan, ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan, Dawuda kömek etmekde maksada okgunly elli müň esger; Olaryň agzynda dogry söz ýokdur, olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr. Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar. Onuň gepi baldan süýjüdi, kalbynda bolsa uruş-jeň bardy. Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy, aslynda welin syrylan gylyçdy olar. Hudaý bilen ähtini unudandan, başdaşyndan aýrylyşan aýaldan, dili süýji keseki zenandan danalyk seni halas eder. Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar. Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar. Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.
Выбор основного перевода