Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
daň şapagy ýalydyr, aýdyň asmanda dogan Gün ýaly, otlaryň ýagyşdan soňky ýalkymydyr“. Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, säher deý bolar garaňkylygyň. Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, ýollaryňa nur çaýylar. Nur dogulýar dogrular üçin, şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin. Dogrularyň ýoly düzdür. Eý, Adyl Bolan, dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň. Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar. Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.
Выбор основного перевода