Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz duşmanyňyň azaşan öküzine ýa-da eşegine duşsaň, ony eýesine getirip ber. Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et. Heý, duşmanyny ele salan adamam bir ony aman goýarmy?! Seniň maňa şu günki edeniňi Reb ýagşylyk bilen gaýtarar. Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Ýok, bulary gyrma! Sen gyrjak bolýan adamlaryňy öz gylyjyň, öz ýaýyň bilen basyp aldyňmy näme? Olaryň öňlerinde iýip-içerleri ýaly çörek we suw goý. Şondan soň olar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitsinler». Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň. Gaýtam Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlary berjaý ediň: «Duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa, suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň».
Выбор основного перевода