Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym. Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle. Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar. Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr, ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär. Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir. Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr. Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.
Выбор основного перевода