Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar, baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz. Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň. Hakykatda bolsa, baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýörelgesine eýermek uly gazançdyr. Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr, sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.
Выбор основного перевода