Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Indi öz araňyzdaky keseki hudaýlary aýryp taşlaň we tutuş ýüregiňiz bilen Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň» diýdi. Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar. Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla. Atam maňa şeýle öwretdi: «Sözlerimi ýüregiňe bagla. Buýruklarymy berjaý et, şonda ýaşarsyň. Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr. Isa olara: «Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr.
Выбор основного перевода