Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, öz gurmadyk öýlerini eýelediler. Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, arzyly zatlary olary halas etmez. Iýenlerinden artany bolmady, munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez. Bollukda azap çekerler, depelerinden muşakgat iner. Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar. Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr, mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr. Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.
Выбор основного перевода