Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi. Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý – ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary. Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar. Ýöne erbetlik edýänler ir ölerler, haýynlar köki bilen gyrlarlar. Erbetler düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr. Gadymy araçäk daşyny süýşürme, ýetimleriň ekin ýerinden alma. Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
Выбор основного перевода