Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra efraýymlar Gidegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gidegony gaty ýazgardylar. Gidegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme? Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi. Ýöne Nabal Dawudyň ýigitlerine şeýle jogap berdi: «Dawut diýýäniňiz kim ol? Ýyşaýyň ogly diýýäniňiz kim? Häzir öz hojaýynyndan gaçyp ýören hyzmatkär kän. Çöregimi, suwumy, gyrkymçylar üçin soýan malymyň etini getirip, nirelidigini-de bilmeýän adamlaryma berip goýberibereýinmi, hä?» Şunlukda, Dawudyň ýigitleri yzlaryna dolandylar we gelip, bularyň hemmesini Dawuda aýtdylar. Dawut ýigitlerine: «Ähliňiz gylyjyňyzy dakynyň» diýdi. Olaryň ählisi gylyjyny dakyndy, Dawut hem gylyjyny dakyndy. Dört ýüze golaý adam Dawudyň yzyna düşdi, iki ýüz adam bolsa goşlaryň ýanynda galdy. Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle. Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin. Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi. Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn». Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy. Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar. Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr, erbetleriň agzy ýamanlygy sowurýandyr.
Выбор основного перевода