Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Rebekanyň Laban diýen erkek dogany bardy. Laban öz gyz dogany Rebekanyň burun halkasyny, bilegindäki bileziklerini görüp, Rebekadan ol adamyň nämeler diýenini eşidip, guýa tarap ylgady. Ol guýynyň başyna gelende, ýaňky adam heniz hem düýeleriniň ýanynda durdy. Rebekanyň Laban diýen erkek dogany bardy. Laban öz gyz dogany Rebekanyň burun halkasyny, bilegindäki bileziklerini görüp, Rebekadan ol adamyň nämeler diýenini eşidip, guýa tarap ylgady. Ol guýynyň başyna gelende, ýaňky adam heniz hem düýeleriniň ýanynda durdy. Laban: «Näme üçin bu ýerde dursuň? Ýör, öýe gideli, eý, Rebbiň ýalkany, ýör öýe gideli. Men seniň üçin jaý, düýeleriň üçin hem ýer taýynladym» diýdi. Şeýdip, Ybraýymyň hyzmatkäri içeri girdi. Laban düýeleriň ýüküni düşürip, olaryň öňüne samandyr ot dökdi. Ol Ybraýymyň hyzmatkärine we onuň ýoldaşlaryna aýaklaryny ýuwarlary ýaly suw getirip berdi. Onuň öňüne nahar goýuldy, ýöne ol adam: «Habarymy alýançaňyz, naharlanjak däl» diýdi. Laban oňa: «Beýle bolsa, habaryňy beräý» diýdi. Ybraýymyň hyzmatkäri şeýle diýdi: «Men Ybraýymyň hyzmatkäridirin. Reb meniň jenabyma köp bereket berdi. Ol meniň jenabymy baýadyp, oňa ownukly-irili mallar, altyn-kümüş, gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir eşekler berdi. Jenabymyň aýaly Sara garrandan soň, ol Ybraýyma ogul dogrup berdi. Ybraýym ähli emlägini ogluna berdi. Jenabym: „Ogluma ýaşaýan ýerim bolan Kengandan gyz alma. Meniň öz dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň ýanyna git-de, oňa şol ýerden gelinlik tapyp getir“ diýip, maňa ant içirdi. Jenabym: „Ogluma ýaşaýan ýerim bolan Kengandan gyz alma. Meniň öz dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň ýanyna git-de, oňa şol ýerden gelinlik tapyp getir“ diýip, maňa ant içirdi. Men jenabyma: „Tapan gyzym meniň bilen gaýtmasa nädeýin?“ diýdim. Jenabym: „Nazarynda gezýän Rebbim Öz perişdesini seniň öňüňden iberip, işiňi oň eder. Şeýdip, sen meniň dogduk mekanymdan, garyndaşlarymyň arasyndan ogluma gelinlik taparsyň. Meniň garyndaşlarymyň arasyna baranyňda, şonda sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň; hatda olar saňa gyz bermeseler-de, sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň“ diýdi. Ine, şeýdip, men guýynyň başyna gelip, şeýle dileg etdim: „Eý, jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Sen meniň işimi oň et. Ine, men guýynyň başynda durun. Guýudan suw çekmäge gelen gyzlardan birine: ‘Küýzäňdäki suwdan birazajyk içäýeýin’ diýenimde, ol maňa: ‘Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn’ diýse, goý, ol meniň jenabymyň ogly üçin saýlan gyzyň bolsun“ diýdim. Ine, men guýynyň başynda durun. Guýudan suw çekmäge gelen gyzlardan birine: ‘Küýzäňdäki suwdan birazajyk içäýeýin’ diýenimde, ol maňa: ‘Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn’ diýse, goý, ol meniň jenabymyň ogly üçin saýlan gyzyň bolsun“ diýdim. Men heniz içimden edýän dilegimi soňlamankam, Rebeka egni küýzeli galadan suw almaga çykyp gelýärdi. Ol guýa baryp, ondan suw çekdi. Men oňa: „Maňa suw bersene“ diýdim. Ol dessine küýzesini egninden düşürdi-de: „Al, iç. Men siziň düýeleriňizi-de suwa ýakaýyn“ diýdi. Şeýdip, men suw içdim, ol düýeleri-de suwa ýakdy. Men ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn“ diýip jogap berdi. Men oňa burun halkasy bilen bilezik berdim. Soňra men baş egip, Rebbe sežde etdim. Yshak üçin jenabymyň garyndaşynyň gyzyny almaga göni ýol görkezen jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbi alkyşladym. Indi siz meniň jenabyma merhemet ediň-de, sadyklygyňyzy görkeziň we boljagyny ýa-da bolmajagyny maňa aýdyň. Onsoň men näme etmelidigi barada belli karara gelerin». Laban bilen Betuwel oňa şeýle jogap berdiler: «Bu Rebbiň işidir. Muny biz çözýän däldiris. Rebeka şu ýerde, ony al-da gidiber. Goý, ol Rebbiň aýdyşy ýaly, seniň jenabyňyň ogluna aýal bolsun». Ybraýymyň hyzmatkäri bu sözleri eşidende, dyza çöküp, Rebbe sežde etdi. Ol Rebeka altyndyr kümüş, şaý-sepler we geýimler çykaryp berdi, onuň ejesi bilen erkek doganyna-da gymmatbaha sowgatlar etdi. Soňra Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýanyndaky adamlar bilen iýip-içdi we olar gijäni şol ýerde geçirdiler. Irden turanlaryndan soň ol: «Indi meni ýola salyň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. Emma gyzyň ejesi bilen dogany: «Goý, Rebeka hiç bolmasa on gün ýanymyzda bolsun, onsoň gidibersin» diýdiler. Ybraýymyň hyzmatkäri bulara: «Reb meniň işimi oň etdi. Siz meni eglemäň; maňa rugsat beriň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. Olar: «Gyzy çagyryp, onuň özünden sorap göreliň» diýdiler. Olar Rebekany çagyryp, ondan: «Sen şu adam bilen gitjekmi?» diýip soradylar. Rebeka: «Hawa, gitjek» diýip jogap berdi. Şunlukda, olar uýasy Rebekany, onuň enekesini, Ybraýymyň hyzmatkäri bilen onuň adamlaryny ugratdylar. Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler: «Eý, uýamyz! Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin; Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!» Rebeka bilen onuň gyrnaklary düýelere münüp, Ybraýymyň hyzmatkäriniň yzyna düşdüler. Ybraýymyň hyzmatkäri Rebekany alyp, ýola rowana boldy. Bu wagt Yshak Beýer-lahaýroýdan gaýdyp gelip, Negep çöllüginde düşläpdi. Ol bir gün agşam daşarda gezmelemäge çykdy. Yshak başyny galdyryp, birnäçe düýäniň gelýändigini gördi. Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi. Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi. Hyzmatkär başdan geçirenleriniň baryny Yshaga gürrüň berdi. Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi. Seni meýdan ösümligi kimin ösdürdim, sen ösüp, kemala geldiň, aňrybaş gözellige ýetdiň, göwüsleriň tözlenip, saçyň uzyn boldy, ýöne sen alaň-açyk we ýalaňaçdyň.
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Выбор основного перевода