Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy. Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy. Kenizlerini ýollap, şäheriň belent ýerinden jar çekdiler: «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa şeýle diýýär: «Gel, meniň nanymdan iý, taýýarlan şerabymdan iç. Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre». Olaryň deňinden geçen dessime, köňül aşygymy tapdym men. Ony saklap, enemiň öýüne, meni dogranyň otagyna getirýänçäm, goýbermedim. Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar. Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin. Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr. Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler.
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Выбор основного перевода