Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar. Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy. Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler: «Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn, goý, Sihon galasy dikeldilsin. Çünki Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy. Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady, Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol. Waý, saňa, eý, Mowap! Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş halky! Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi, gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular. Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik. Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar. Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik». Dawudyň gorhana diňidir boýnuň, müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan. Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň. Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular. Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp, mowaplylaryň maňlaýyny, pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar.
Выбор основного перевода