Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden selmelek köklerini tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren selmelek köklerinden maňa-da ber» diýdi. Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren selmelek köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, selmelek kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi. Agşamara Ýakup meýdandan gaýdyp gelýärkä, Leýa onuň öňünden çykyp: «Sen bu gije meniň ýanyma gir. Oglumyň getiren selmelek kökleri bilen seniň şu gijelik kireýiňi töledim» diýdi. Ýakup şol gije Leýa ýanaşdy. Siz uzak wagtlap saklanan öňki köne gallany iýersiňiz. Täze hasyla ýer açmak üçin, siz köne hasyly çykaryp taşlamaly bolarsyňyz. Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez. Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen, Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin! Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.
Выбор основного перевода