Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy. Ol al-elwan lybasda şa ýanyna eltiler, onuň kenizleri, ulugyzlar şa gaşyna eltiler. Şatlyk-şagalaň bilen getirilýärler, patyşanyň köşgüne olar girýärler. «Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür, ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň». Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde. Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr. Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine». Ýaryň beýlekilerden nämesi artyk, eý, gözeller gözeli? bize ant içeriň ýaly, ýaryňyň beýlekilerden nämesi artyk? Akmeňiz, gülgüne ýüzlüdir, ýarym, on müňleriň arasynda saýlanýar ol. Reb bilen birigen hem ruhda Onuň bilen bir bolar. Rebbiňiz-de, imanyňyz-da birdir, siziň hemmäňiz bir maksat bilen çümdürilensiňiz. Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi. Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi.
Выбор основного перевода