Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Soňra Ýarobgamyň aýaly yzyna gaýtdy. Ol Tirsa gelip, öýüniň işigine ýeten badyna, onuň çagasy ýogaldy. Bagşa muny eşidende, Ramany berkitmekden el çekip, Tirsada mesgen tutdy. Bagşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Tirsada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ela onuň ýerine patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi altynjy ýylynda Bagşanyň ogly Ela Tirsada Ysraýyla patyşa bolup, iki ýyl şalyk sürdi. Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy. Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar. Gözelligiň naýbaşy bolan Siondan Hudaý parlaýar. Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz. Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu? Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar. Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys. Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.
Выбор основного перевода