Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.) Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr. özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim. Sen neneňsi gözel, Söýgüli dildarym, meniň! Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim! Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin! Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim. Eý, ýarym, giň sähra çykaly, gel; gel, oba gijelerine seýil edeli. gurap galdy üzüm agajy, solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy. Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».
Выбор основного перевода