Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Şeýdip, Ýakup ähli emlägini alyp, ol ýerden gaçdy. Ol Ýewfrat derýasyndan geçip, Gilgat daglygyna tarap ýöneldi. Laban garyndaşlaryny ýanyna alyp, ýedi günläp Ýakubyň yzyndan kowup, Gilgat daglygynda onuň yzyndan ýetdi. Laban Ýakubyň yzyndan ýetende, Ýakup daglykda öz çadyryny dikipdi. Laban hem öz garyndaşlary bilen Gilgat daglygynda öz çadyrlaryny dikdi. Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz. Onuň gözleri bulak başynda süýde ýuwnup oturan gögerçin ýaly; olar oturdylan gymmatbaha daşlary ýaly. Ýarym meniňki, men onuňky; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol. Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli. Gözleriňi menden sow, men olara bendi! Gilgat dagyndan inip gelýän geçi sürüsine ogşaýar saçyň. Bürençekde gizlenen ýaňaklar enara meňzeýär. Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý, eý, mylakatly dildarym!
Выбор основного перевода