Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy. Soňra ol Tagt zalyny, ýagny höküm çykarylýan ýer bolan Höküm zalyny gurdy. Onuň diwarlary düýbünden depesine çenli kedr tagtalary bilen örtülendi. Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. Tagtyň alty basgançagy bardy, arka tarapdan tagtyň depesi tegelekdi, kürsiniň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.
Выбор основного перевода