Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Men doganlaryma gelmişek boldum, ejemiň ogullaryna keseki boldum. Süleýmanyň Bagalhamonda üzüm bagy bardy, ony sakçylara tabşyrdy ol; hersi hasyl üçin müň kümüş teňňe bermelidi. Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir; eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun, iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun! Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar. Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi. Indi, eý, Iýerusalim ilaty, Ýahuda halky! Men bilen üzümçiligimiň arasynda kazylyk ediň. Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi? Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar. Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn. Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi. Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler. Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl. Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz. «Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn. Şol gün Meni „Ärim“ diýip çagyrar. Mundan beýläk „Bagalym“ diýip çagyrmaz». Muny Reb aýdýandyr. Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr. Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar. Meniň size aýdan sözüm arkaly siz bireýýäm tämizsiňiz. Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar. Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler. Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar. Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz.
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Выбор основного перевода