Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Параллельные места
Eginbaşyň mür, ahalot, dalçyn yslydyr; pil süňküne bezelen köşklerden ýaňlanýan sazlar seni şat edýär. Ol al-elwan lybasda şa ýanyna eltiler, onuň kenizleri, ulugyzlar şa gaşyna eltiler. Şatlyk-şagalaň bilen getirilýärler, patyşanyň köşgüne olar girýärler. Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni. Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda. Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim. Olary ynsanperwerlik ýüpleri, söýgi baglary bilen Özüme çekdim. Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym. Eglip olara iýmit berdim. Eger Meni iberen Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez. Ýanyma gelen adamy bolsa, Men ahyrky gün direlderin. Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz. Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.
Nagmalar nagmasy
1 2 3 4 5 6 7 8
Выбор основного перевода