Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin. Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek. Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy». Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý, ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý. Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir. Guzy bäşinji möhüri döwende, gurbanlyk sypasynyň aşagynda Hudaýyň Hoş Habary ugrunda we eden şaýatlyklary üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.
Выбор основного перевода