Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz. Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler. Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris. Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.
Выбор основного перевода