Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý. Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir. Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr. Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim. Ol gögi we gökdäkileri, ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, baky ýaşaýan Hudaýyň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz! Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.
Выбор основного перевода