Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. Buludyň ortasynda keşpleri ynsana meňzeş dört sany jandaryň duranyny gördüm. Gümmeze çalymdaş, buz ýaly ýaldyraýan gorkunç bir zat jandarlaryň kelleleriniň üstüne ýaýylypdy. Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy. Soňra men keruplaryň ýokarsyndaky gümmeziň depesinde ýakut ýaly tagtyň şekilini gördüm. Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.
Выбор основного перевода