Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer: Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz. Biz görmeýän zadymyza umyt baglap, şoňa sabyrlylyk bilen garaşýandyrys. Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys. Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer. Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer. Görgülere çydaýan bolsak, Onuň bilen bile şalyk süreris. Eger Ony ret etsek, Ol hem bizi ret eder. Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz. Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň. Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi. Pis höwesi bolan adam: «Meni Hudaý höweslendirýär» diýmesin, sebäbi Hudaýda hiç hili pislik höwesi ýokdur, Ol hiç kimi pislik etmäge höweslendirýän däldir. Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir.
Выбор основного перевода