Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýa gelen ylham
Параллельные места
Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy. Hudaýymyz Reb: «Ine, adam ýagşyny-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş daragtyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi. Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň. Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem. Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma. Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar». Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy. Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy. Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi. Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.
Ýahýa gelen ylham
Выбор основного перевода