Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýa gelen ylham
Параллельные места
Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber. Ýa Taňry, sadyk söýgi Seniňkidir, Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň. Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy? Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir. Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer. «Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn». Şol gün Hudaý her kime eden işine görä gaýtarar. Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar. Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. Men mundan beýläk-de häzirki edýänlerimi dowam ederin. Sebäbi men özlerini biz bilen des-deň işleýändir öýdüp, magtanmaga pursat agtarýanlara tutaryk bermerin.
Ýahýa gelen ylham
Выбор основного перевода