Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy. Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykanlarynda, Rebbiň öýi bulutdan doldy. Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy. Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy. Ruhanylar bulut sebäpli Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy. Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy. Ol meni demirgazyk derwezäniň ýolundan öýüň öňüne getirdi. Görsem, Rebbiň şöhraty Öz öýüni dolduryp durandygyny gördüm. Men ýere ýüzin ýykyldym.
Выбор основного перевода