Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler. Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň. Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň. Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy. Birinji mahluk arslana, ikinji mahluk öküze meňzeýärdi. Üçünji mahlugyň ýüzi adamyň ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeýärdi. Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.
Выбор основного перевода