Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dogurmak pursady ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň öňüňde şeýle bolduk. Burgusyz dogurdy, bir ogul dogurdy azap çekmän. Şeýle zady eşiden barmy? Gören barmy şeýle zady? Ýurt bir günde doglarmy? Bir demde dünýä inermi millet? Emma Sion burgusy tutan dessine ogullaryny dogurdy. «Men dogurma pursadyna ýetiribem, dogurtmaýynmy?» diýýär Reb. «Dogurmaga güýç berýän Men ýatgyny ýaparynmy?» diýýär Hudaýyň. Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň. Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni. Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.
Выбор основного перевода