Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda, bize garşy gaharlary ýanyp lowlanda, olar bizi diri ýalmap-ýuwdardy, siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy, haýbatly suwlar üstümizden aşardy. Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar. Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel». Ol Müsürdir, Nil deý joşup, suwlar kimin çaýkanýan. Ol diýdi: «Men beýgelip, ýer ýüzüni gaplaryn, şäherleri ilaty bilen birlikde ýok ederin».
Выбор основного перевода