Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr». Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň. Biri-biriňize söýgüden başga bergiňiz bolmasyn, sebäbi ýakynyny söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir. Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir. Ýakynyny söýýän adam oňa ýamanlyk edýän däldir. Şeýdip, başgalary söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir. Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.
Выбор основного перевода