Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä! Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr. Onda näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyzy ýazgarýarsyňyz? Näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyza äsgermezlik edýärsiňiz? Biziň barymyz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly dälmi näme? Siziň ýa-da islendik ynsan kazyýetiniň maňa nähili höküm çykarýandygy meni az gyzyklandyrýar. Öz üstümden hatda özüm-de höküm çykaramok. Ynsabym päk bolsa bolubersin, ýöne bu barybir meni aklamaýar. Maňa Reb kazylyk edýändir. Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar. Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.
Выбор основного перевода