Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahýa hem tussaglykdaka, Mesihiň eden işleri barada eşidip, Onuň ýanyna şägirtlerini iberdi: Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy. Emma baş häkim Hirod öz doganynyň aýaly Hirodiýa öýleneni üçin we başga-da köp erbet işleri edeni üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar boldy. Ol Ýahýany zyndana salmak bilen öňki eden ähli pislikleriniň üstüne ýene bir pislik goşdy. Bu wakalar Ýahýa zyndana salynmazdan öň bolup geçdi. Öz doganyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etme, sen öz doganyňy namysa goýarsyň. Kimde-kim öz gelnejesine öýlense, bu haramlykdyr. Ol öz doganyny namysa goýýandyr, olar perzentsiz öterler.
Выбор основного перевода