Emma hyzmatkäri oňa: «Bujagazy men ýüz adamyň öňünde nädip goýaýyn?» diýdi. Emma Elýaşa ýene-de gaýtalap: «Muny halka ber, goý, adamlar iýsinler, çünki Reb şeýle diýýär: „Hemmeler iýip doýarlar we nahar artyp hem galar“» diýdi.
Şeýdip, hyzmatkär barja zatlary adamlaryň öňünde goýdy. Olar nahardan iýip doýdular we Rebbiň aýdyşy ýaly nahar artyp hem galdy.