Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň. Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler. Goja olary öz öýüne alyp bardy, eşeklerine iým berdi, olar aýaklaryny ýuwdular, iýip-içdiler. Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy. Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.
Выбор основного перевода