Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahýanyň şägirtleri bu wakalaryň baryny oňa gürrüň berdiler. Ýahýa olardan ikisini ýanyna çagyryp: «Gelmeli Şol Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, Reb Isadan soramak üçin olary iberdi. Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi. Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady. Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi. Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr. Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? Reb Isa hem oňa: «Eý, ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküziňizi ýa eşegiňizi ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýärsiňiz? Resullar Reb Isa: «Biziň imanymyzy artdyr!» diýdiler. Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň. Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi. Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady. Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler.
Выбор основного перевода