Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady. Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi. Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr.
Выбор основного перевода