Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin. Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň. Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi. Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýene bir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler. Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.
Выбор основного перевода