Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. Diýdiň: «Saýlanym bilen Men äht baglaşdym. Öz gulum Dawuda Men kasam etdim: „Ebedi berkarar ederin seniň nesliňi, nesillerboýy bina ederin seniň tagtyňy“». Sela Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr. Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr: „Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“». «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler. Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi.
Выбор основного перевода