Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi. Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy. Siz perişdeleriň üsti bilen Hudaýyň kanunyny alsaňyz-da, oňa tabyn bolmadyňyz». Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň. Sen Hudaýyň islegini we ýagşyny ýamandan saýgarmagy şol Kanundan öwrenýärsiň. Sen bilimiň we hakykatyň nusgasy bolan Kanuna eýe bolanyň üçin, özüňi körleriň idijisi, tümlükdäkileriň yşygy, akmaklaryň terbiýeçisi, bilimsizleriň mugallymy hasaplaýarsyň. Sen bilimiň we hakykatyň nusgasy bolan Kanuna eýe bolanyň üçin, özüňi körleriň idijisi, tümlükdäkileriň yşygy, akmaklaryň terbiýeçisi, bilimsizleriň mugallymy hasaplaýarsyň. Eger şeýle bolsa, onda näme üçin başgalara taglym berip-de, özüňe taglym bermeýärsiň? Ogurlyk etmezligi wagyz edip, näme üçin ogurlyk edýärsiň? Zyna etmezligi wagyz edip, näme üçin zyna edýärsiň? Butlary ýigrenji saýýan bolsaň, näme üçin Öz Hudaýyňa garşy küpür gepleýärsiň? Sen özüňe berlen Kanuna buýsansaň-da, ony bozup, Hudaýyň adyna ysnat getirýärsiň. Şoňa görä-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň ady başga milletleriň arasynda siz zerarly harlanýar» diýlip ýazylandyr. Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir. Şeýle hem bir sünnetsiz adam Kanunyň parzlaryny berjaý edýän bolsa, onuň sünnetsizligi sünnet hasaplanmazmy näme? Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn! Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir. Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.
Выбор основного перевода