Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi. Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy. Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi. Manna kinzanyň tohumyna meňzeş bolup, reňki-de sakyzyňky ýaly sarymtyl akdy. Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy. Düşelgäniň üstüne gije düşýän çyg bilen bile manna-da ýagardy. Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň. Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy, olara gökleriň gallasyny iberdi. Ata-babalaryňyz çölde manna iýendiklerine garamazdan, öldüler. Hawa, gökden inen çörek budur. Seret, bu ata-babalaryňyzyň iýen mannasy ýaly däldir. Olar manna iýseler-de, ölüp gitdiler, emma bu çöregi iýen adam baky ýaşar» diýdi. Olaryň bary gökden inen şol bir iýmiti iýdiler.
Выбор основного перевода