Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi. Agşamara Onuň şägirtleri kölüň boýuna geldiler. Garaňky düşse-de, Isa heniz olaryň ýanyna gelmändi. Onsoň şägirtler gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady. Olar gaýykly bäş-alty çakrym ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp gorkdular. Emma Isa olara: «Gorkmaň, bu – Men!» diýdi. Olar begenip, Ony gaýyga mündürdiler. Gaýyk şol pursadyň özünde ýetmeli kenaryna baryp ýetdi.
Выбор основного перевода