Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ýahýa Isa barada şaýatlyk edip, batly ses bilen: «Ine, Menden soňra geljek Menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy diýenim Şudur» diýip gygyrdy. Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin». Isa Mesih gelende, suwa çümdürildi. Ol biziň üçin ganyny dökdi. Ol diňe suwa çümdüriliş arkaly däl, eýsem döken gany arkaly hem Özüni aýan etdi. Mukaddes Ruh muňa şaýatdyr we Onuň şaýatlygy hakykatdyr. Şeýlelikde, üç şaýatlyk bar: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem şaýatlygy birdir. Biz ynsanlaryň şaýatlygyny kabul edýäris, emma Hudaýyň şaýatlygy has-da möhümdir. Sebäbi Hudaý hem Öz Ogly hakynda şaýatlyk etdi.
Выбор основного перевода