Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum. Reb şeýle diýýär: «Öz janyňyzyň hatyrasyna Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden içeri ýük salmaň. Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň, hiç bir iş etmäň. Meniň ata-babalaryňyza buýruşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň. Muny gören fariseýler Oňa: «Seret, Seniň şägirtleriň Sabat güni gadagan işi edýärler» diýdiler. Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin olar Sabat güni gadagan işi edýärler?» diýdiler. Fariseýleriň käbiri olardan: «Näme üçin Sabat güni gadagan işi edýärsiňiz?» diýip sorady. Aýal: «Eý, Aga, maňa şol suwdan bersene, gaýdyp suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi. Isa: «Bar, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi. Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz? Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.
Выбор основного перевода