Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr». Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Hawa, Ol Ogla mundan hem beýik işleri görkezer, şonda hemmäňiz muňa haýran galarsyňyz. Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr. Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär. Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň. Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.
Выбор основного перевода