Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ogullaryňyz we gyzlaryňyz bolar, emma siz olary ýitirersiňiz, çünki olar ýesir edilip äkidiler. Şamuwel Şawula: «Näme üçin meni ýokary çykaryp, alada goýduň?» diýdi. Şawul şeýle jogap berdi: «Men çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Piliştliler meniň garşyma uruşýarlar, Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi. Indi Ol maňa pygamberleriň üsti bilen-de, düýşde-de jogap bermeýär. Şoňa görä näme etmelidigimi öwrederiň ýaly, men seni çagyrdym». Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň? Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar. Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».
Выбор основного перевода