Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider, Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň. Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady! Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady! Şonda tiz boýun egdirerdim ýagylaryny, duşmanlaryna gönükdirerdim Men Öz elimi. Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“». Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“». Onuň ýoluna tikenli çäk çekerin, öz ýodalaryny tapmaz ýaly, Onuň garşysyna diwar guraryn. «Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler. Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe! Meniň Hudaýym olary ret eder. Çünki Ony diňlemediler. Olar milletler arasynda sergezdan bolarlar. Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.
Выбор основного перевода