Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn. Galalaryňyza, atyzlaryňyza nälet bolsun. Sebediňize, saçagyňyza nälet bolsun. Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun. Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem size nälet bolsun. Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer. Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz. Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky ýer bolsa demre döner. Reb ýeriňize ýagdyrýan ýagşyny tozana öwrer. Siz doly gyrylýançaňyz, üstüňize asmandan diňe gum ýagar. Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar. Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz. Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz. Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar. Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez. Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz. Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma onuň etinden iýmersiňiz. Edil gapdalyňyzda eşegiňizi ogurlarlar, emma yzyna getirmezler. Goýunlaryňyzy duşmanlaryňyza bererler. Size kömek eden bolmaz. Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz. Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz. Siziň gözüňiz bilen görjek görgüleriňizden ýaňa, akylyňyz çaşar. Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar. Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz. Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder. Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer. Siziň tutuş ýurduňyzda zeýtun agaçlary gögerer, emma siz özüňize zeýtun ýagyny guýmarsyňyz, çünki onuň miwesi ýere döküler. Ogullaryňyz we gyzlaryňyz bolar, emma siz olary ýitirersiňiz, çünki olar ýesir edilip äkidiler. Ähli agaçlaryňyzyň we ekin meýdanlaryňyzyň hasylyny çekirtgeler iýip gider. Araňyzda ýaşaýan gelmişekler sizden has ýokary göteriler, siz bolsa kem-kemden pese düşersiňiz. Olar size karz bererler, emma siz olara karz berip bilmersiňiz. Olar başda bolarlar, siz bolsa aýakda galarsyňyz. Şu näletleriň ählisi size siňip, tä ýok bolýançaňyz, sizi gurşap alar. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmän, bu gün Onuň size meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetirmediňiz. Bu külpetler siziň we nesilleriňiziň arasynda başga halklar üçin hemişelik alamat we mugjyza bolsun. Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz. Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer. Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar. Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez. Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar. Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar. Duşmanyňyz siziň daşyňyzy gabap, çykgynsyz ýagdaýa salanda, siz açlykdan ýaňa öz bagryňyzdan önen perzentleriňizi – Hudaýyňyz Reb tarapyndan berlen ogul-gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. Araňyzdaky iň mylaýym we eli açyk adam barja iýmitini öz doganyndan, söýgüli aýalyndan, diri galan çagalaryndan gysganar. Ol çagalarynyň etinden olaryň hijisine bermez, sebäbi duşman ähli galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, olara iýmäge hiç zat galmaz. Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar. Duşmanyňyz galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, şol aýal dogranyndan soň, hatda satanynyň arasyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny gysganyp, öz dogran çagalaryny hem açlykdan ýaňa ogrynça iýer. Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder. Ol siziň Müsürde wagtyňyz sizi gorkuzan ähli keselleriňizi siziň başyňyzdan inderer. Ol keseller size ornaşyp galar. Hatda şu Kanun kitabynda ýazylmadyk beýleki ähli ýokanç keselleri we dertleri, tä siziň baryňyz gyrylýançaňyz, Reb siziň başyňyzdan inderer. Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz. Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz. Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Ol halklaryň arasynda siz janyňyza aram tapmarsyňyz we aýagyňyzyň dynjyny almaga ýer tapylmaz. Ol ýerde Reb size bükgüldeýän ýürek, kütelen gözler we synan göwün berer. Janyňyz suw üstünde bolar. Siz gije-gündiz gorkuda bolup, sizde ýaşaýşa hiç hili umyt bolmaz. Ýüregiňizi gaplajak gorky we gözüňiziň görjek zatlary sebäpli, ertirlerine siz: „Wah, tizräk agşam düşsedi!“ diýersiňiz, agşamyna bolsa: „Wah, tizräk daň atsady!“ diýersiňiz. Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz». Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy. Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.
Выбор основного перевода